Turkmenportal logo
20.08.25
3499034990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze serhetara syýahatçylyk ýoly Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer
Surat: uzbektourism

Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystany öz içine alýan täze serhetara syýahatçylyk ýoly döredildi.


Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň habaryna görä, bu ugur Merkezi Aziýanyň dört sebitini birleşdirýär we syýahatçylara dürli medeni hem-de bilim maksatnamasyny hödürleýär.


Syýahatçylar syýahatyň dowamynda milli tagamlary dadyp görmäge, däp-dessurlar hem-de täsin tebigy landşaftlar bilen tanyşmaga, şeýle hem taryhy ýadygärliklere zyýarat etmäge mümkinçilik alarlar.


Bu ugur ÝUNESKO-nyň 15-den gowrak Bütindünýä mirasynyň ýadygärliklerini we milli ähmiýetli ýadygärlikleri öz içine alýar. Türkmenistanda syýahatçylar Gadymy Merwe, «Garagumuň ýalkymy» gaz kraterine we Köneürgenje syýahat etmäge mümkinçilik alarlar.


Täze ugur Merkezi Aziýanyň baý medeni, taryhy we tebigy mirasyny öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär.