2025-nji ýylda ýapon diliniň derejesini kesgitleýän ikinji JLPT (Japanese-Language Proficiency Test) synagy 7-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
JLPT — dünýäde iň iri ýapon dili boýunça synag bolup, ol Ýaponiýada we daşary ýurtlarda geçirilýär. Onuň maksady — ýapon diliniň ene dili bolmadyk adamlaryň bu dili nä derejede bilýändigini kesgitlemek we tassyklamakdyr.
Synaga gatnaşmak üçin arzalar 25-nji awgustdan (duşenbe güni) başlap, 1-nji sentýabra (duşenbe güni) çenli sagat 09:30-dan – 12:45-e çenli we 14:00-dan – 17:00-a çenli kabul edilýär.
Synag baradaky giňişleýin maglumat bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
