Mary şäherindäki 28-nji orta mekdepde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýen şygar astynda welaýatyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty guramaçylykly geçirildi. Bu Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, oňa welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleri, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýat häkimliginiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda täze okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, çagalara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, gazanylýan üstünlikleri has-da berkitmek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahatyň ahyrynda welaýatyň öňde baryjy bilim işgärlerine Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň,
Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.
