Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow (79 kg çenli agram derejesinde) Bolgariýanyň Samokow şäherinde geçirilýän göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy.
Birinji tutluşykda türkmen pälwany Bolgariýanyň wekili Iwan Andonowy 11:0 hasaby bilen ýeňdi. 1/8 finalda Benjenjowyň garşydaşy mongol pälwany Gan-Erdene Baatarhuu bolar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň beýleki wekilleriniň çykyşy birneme şowsuz boldy. Watan Annaorazow (74 kg) saýlama tapgyrda Russiýanyň pälwany Ismaýyl Haniýewden 0:10 hasaby bilen ýeňildi. Şeýle hem Orazmuhammet Hojalyýew (92 kg) 1/8 finala çykyp bilmedi, ol azerbaýjanly türgen Anar Jafarliden 2:3 hasaby bilen ýeňildi.
Türkmen pälwany Begenjow Bolgariýadaky ýaşlar dünýä çempionatynda öňdebaryjylaryň hatarynda hasaplanýar. 2024-nji ýylda ol 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistandan ilkinji dünýä çempiony boldy we türkmen sportunyň taryhyna girdi. Ispaniýanyň Pontewedra şäherindäki çempionatda ol bäş ýeňiş gazandy we 46:0 umumy hasabyndaky netijesi bilen garşydaşlaryndan bir utuk hem ýitirmedi.
