Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik edýän, gelip çykyşy çeçenli bolan, garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Hamzat Çimaýew Günorta Afrikaly Drikus Dýu Plessini ýeňip, orta agramda Aňrybaş söweşijiler çempionatynyň (UFC) çempionynyň guşagyny gazanmagy başardy.
Çikagoda geçirilen UFC 319 ýaryşynyň çäklerinde geçen çempionlyk ugrundaky tutluşyk eminler tarapyndan biragyzdan gelnen kararyň netijesinde, ýagny 50-44, 50-44, 50-44 hasaby bilen 31 ýaşly Çimaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy.
Hiç wagt ýeňilmedik Çimaýew üçin bu MMA söweşlerinde onuň 15-nji ýeňşi boldy. UFC-de Çeçenistandan gelip çykan söweşiji dokuz tutluşykda dokuz ýeňiş gazandy. 31 ýaşly Dýu Plessi 23 gezek ýeňiş gazanan hem bolsa, üçünji ýeňlişini başdan geçirdi we 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
