Zyýat Hil konditer dükanlary ulgamy hoşboý ysy we lezzetli tagamy bilen tapawutlanýan täze süýji çörekleri, tortlary we süýjülikleri hödürleýär. Kompaniýanyň esasy ýörelgesi — önümleriň täzeligi we ýokary hilidir.
Zyýat Hil dükanynda tagamlar her gün bişirilýär. Süýji çörekler, süýjülikler we tortlar satylýan gününde bişirilýär, şonuň üçin alyjylar hemişe täze we tagamly süýjilik önümlerden lezzet alyp bilýärler. Köne önümler saklanmaýar — şonuň üçin süýjülikleriň tagamy hem, düzümi hem hemişe ýokary derejede bolýar.
Önümler bişirilende diňe täze önüm serişdeleri ulanylýar. Şonuň üçin hem müşderiler Zyýat Hil dükanlaryna ynanýarlar we islendik konditer nokadyndan täze, ýokary hilli süýjülikleri saýlap alyp biljekdiklerini bilýärler.
150 manatlyk sargytdan başlap sargyt edenlere Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek mugtdyr. Konditerler ulgamy her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsiz işleýär.
Aragatnaşyk maglumatlary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, aragatnaşyk telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
