Döwletli Çynar hususy kärhanasy ähli isleg bildirýänleri Gruziýanyň iň meşhur syýahatçylyk ugurlary bolan Boržomi we Batumi şäherlerine gezelenje çagyrýar. Bu syýahatçylyk kompaniýasy müşderileriň şahsy isleglerini we býujetini göz öňünde tutup, syýahatlary guramakda ýöriteleşýär.
Döwletli Çynar islegiňize görä myhmanhanalary saýlamak, biletleri bron etmek we dynç alyş günleriniň sanyny meýilleşdirmek mümkinçiliklerini hödürleýär. Syýahatyň meýilnamasy doly dynç alyşy we gezelençleri öz içine alýar, hemme zat her bir syýahatçynyň islegine görä uýgunlaşdyrylyp bilner.
Mundan başga-da, kompaniýanyň hünärmenleri syýahata taýýarlyk görmek işini ep-esli ýeňilleşdirýän ähli zerur bolan resminamalaryň taýýarlanylmagyny öz üstüne alýarlar.
Döwletli Çynar bilen hyzmatdaşlyk etmek — bu amatlylyk, ygtybarlylyk we her bir syýahatça aýratyn çemeleşmedir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi 52A (öňki Atabaýew köç.), Ojar Aziýa binasy, 1-nji gat;
Telefonlary: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
Sosial ulgamdaky sahypasy.