Bagtyýarlyk üçin käwagt örän az zat gerek — bary-ýogy bir kiçijik tort. Zyýat Hil konditerler ulgamy bento tortlaryny — süýji tagamlary söýýänleriň ýüregini eýelän kiçi göwrümli desertleri hödürleýär. Olar ykjam, nepis we datly tagamly bolup, her bir şatlykly pursady begençli duýgulara gaplap almak üçin döredildi.
Bento tortyny gezelenje ýanyň bilen alyp gidip bolýar, ýakynlaryňyza sowgat berip bolýar ýa-da çaý başynda sapaly agşam çagyny ýakymly geçirmek üçin ajaýyp süýjülikdir. Ol näzik romantiki duýgy üçin hem, hoşamaý sözler bilen berip boljak süýjülik hökmünde, sebäpsiz sowgat hökmünde hem ajaýyp saýlawdyr.
Zyýat Hil tortlaryň dürli dizaýnlardaky giň görnüşlerini hödürleýär — näzik nusgawylardan başlap, batyrgaý reňkli görnüşlere çenli. Her kim özüne laýyk kiçi göwrümli deserti saýlap biler.
Üstesine-de, 150 manatlyk sargytdan başlap sargyt edenlere Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek mugtdyr. Konditerler ulgamy her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsiz işleýär.
Aragatnaşyk maglumatlary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, aragatnaşyk telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
