18-nji iýulda Hytaýda Türkmenistana eksport edilen dizel lokomotiwleriň düýpli abatlaýyşyna degişli iri taslamasy üstünlikli tamamlanandy. Täzelenen lokomotiwler CRRC Ziyang Co., Ltd. kompaniýasynyň önümçilik hataryndan üstünlikli çykaryldy — diýip, kompaniýanyň resmi saýty habar berýär.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Berdi Saryýew, lokomotiw býurosynyň direktory Wepa Akmyradow, edaranyň direktory Baýmyrat Ataýew, şeýle hem hytaý tarapynyň wekilleri we CRRC Ziyang kompaniýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Öz çykyşynda Berdi Saryýew bu düýpli abatlaýyş taslamasynyň üstünlikli tamamlanmagynyň CRRC Ziyang kompaniýasynyň lokomotiw hyzmatlary babatyndaky halkara tejribesiniň bardygyna şaýatlyk edýändigini we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagy üçin berk binýat döredýändigini belledi.

CRRC Ziyang kompaniýasynyň baş direktory Ýan Wenşen kompaniýanyň lokomotiwleriň abatlaýyşynda taslamanyň hiline we möhletine berk eýerilendigini, ilkinji tapgyryň üstünlikli tamamlanandygyny nygtady. Ol galan lokomotiwleriň döwrebaplaşdyrylmagynyň çaltlaşdyryljakdygyny we ýokary hilli netijeleriň üpjün ediljekdigini nygtady.

Düýpli abatlaýyşdan geçen lokomotiwler CRRC Ziyang tarapyndan Türkmenistana eksport edilen we 2005-nji ýylda ulanyşa girizilen lokomotiwleriň ilkinji tapgyrydyr.
2024-nji ýylyň ahyrynda CRRC Ziyang kompaniýasy bilen «Demirýollary» AGPJ-niň arasynda lokomotiwleriň yzygiderli tehniki hyzmaty we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça şertnama baglaşylypdy. 2025-nji ýylyň maýynda lokomotiwleriň ilkinji tapgyry toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmak üçin zawodlara yzyna getirildi.

Taslama lokomotiwleriň esasy düzüm bölekleriniň — çarçuwa binýadynyň, dizel hereketlendirijileriň we elektrik ulgamlarynyň takyk abatlaýyşyny, şeýle hem akylly dolandyryş ulgamlarynyň täze nesliniň, howpsuzlyk gözegçilik tehnologiýalarynyň we ergonomiki kämilleşdirmeleriň utgaşmasyny öz içine aldy.

2004-nji ýylda hyzmatdaşlygyň başyndan bäri CRRC Ziyang Türkmenistana 294 lokomotiw iberdi. Bu lokomotiwler ýurduň demir ýol gatnawlarynyň 98%-den gowragyny ýerine ýetirýär. Täzelenen lokomotiwler ýakyn wagtda Türkmenistana dolanyp, ulanyşa giriziler.
