Turkmenportal logo
07.08.25
3716637166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
8-nji awgustda Pekinde adam sypatly robotlaryň satylýan dükany açylar
Surat: 24.kz

Pekinde 8-nji awgustda «Beijing E-Town Robotics Technology Industrial Development Co.» kompaniýasynyň ýardam bermeginde adam sypatly robotlaryň satylýan dükany açylar. Bu ýerde «akylly» enjamy satyn alyp, olaryň sargydyny onlaýn arkaly resmileşdirip, şeýle-de kärendesine alyp bolar. Bu barada şäheriň ykdysady-tehniki zolagynyň robot tehnikasy hem-de akylly önümçilik boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ma Nin habar berdi.


Ýolbaşçynyň sözlerine görä, bina 4S-dükan bolar. Ol ýerde robotlaryň satuwy, ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligi, satuwdan soňky hyzmaty we bazary öwrenmek alnyp barlar. Şeýle-de dükanyň çäginde garbanyşhanalar işlär we sahnada sazandalaryň çykyşlary guralar, olaryň ählisi-de robotlardan düzüler.


«Resmi açylyş dabarasy Robot tehnikasy boýunça bütindünýä maslahatyň başlanmagyna bagyşlanyp, 8-nji awgustda geçiriler» diýip, Ma Nin gürrüň berdi.


Şäheriň günortasyndaky dört gatly binada ýerleşýän we 4 müň inedördül metri tutýan şeýle dükan heniz dünýäde ýok. Ol ýerde eýýäm robot öndürýän hytaý kompaniýalarynyň birnäçesi ýerleşdi.


Bu barada «vfokuse.mail.ru» habar berdi.