Hytaýda koronawirus döwründe bolan çäklendirmeleri gaýtaryp getirdiler. Munuň sebäbi howply keseliň – çikungunýa gyzzyrmasynyň möwjemegidir diýip, «MIR 24» habar berdi.
Soňky maglumatlara görä, eýýäm 10 müň adam bu kesele ýolugdy. Bu soňky 20 ýyldaky iň ýokary görkezijidir. Keselliler, esasan, ýurduň günortasyndaky Guandun ülkesinde hasaba alyndy. Hytaýyň ýaşaýjylary ýene agyz-burun örtüklerini dakyndylar.
Köçelerde arassaçylyk çärelerini geçirýärler. Edaralarda girelgeleri kesele garşy serişdeler bilen işleýärler. Esasy üns çybynlaryň bolup biljek ýerlerine berilýär. Sebäbi hut şu mör-möjekler keseli ýokuşdyrýarlar. Keseliň alamatlary— bedeniň gyzgynynyň 40 gradusa çenli ýokarlanmagy, bogunlardaky dowamly agyry we örgün örmegi.
Kesel ötüşen halatynda ýürege we beýnä howp salýar. Özem kähalatda keseliň alamatlary ýyllardyr dowam edip bilýär.
Hytaýly lukmanlar keseliň adamdan adama ýokuşmaýandygyny aýdýarlar. Bu ýokanç ilkinji gezek Tanzaniýada 1952-nji ýylda peýda bolupdyr, soňra Afrikanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki sebitlerde ýaýrapdyr. Çikungunýa keseli 110 ýurtda hasaba alyndy.
