Turkmenportal logo
06.08.25
4443444434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň Galkynyş köçesinde awgust aýynyň ahyryna çenli ulag hereketi çäklendiriler
Aşgabadyň Galkynyş köçesinde awgust aýynyň ahyryna çenli ulag hereketi çäklendiriler

Aşgabat şäher häkimligi Galkynyş köçesiniň Nurmuhammet Andalyp bilen Alty Garlyýew köçeleriniň aralygynda ulag hereketiniň çäklendirilýändigi barada habar berdi. Çäklendirmeler 2025-nji ýylyň 6-njy awgustyndan awgust aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.


Köçäniň ýapylmagy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çarelere degişli taýýarlyk görmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.


Şäher häkimligi sürüjilere syýahat meýilnamalaryny düzenlerinde bu maglumaty göz öňünde tutmagy we şäheriň görkezilen böleginden geçmek üçin başga ýollary ulanmagy maslahat berýär.​​​​​​​​​​​​​​​​