Şu gün Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary derejede guralan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de özüne gowşurylan Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda giňeldilmegine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar özara söwda dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigini, senagat, energetika, ulag, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Sebitara hem-de ynsanperwer gatnaşyklarynyň hem işjeň dowam edýändigi nygtaldy.
Şeýle-de şu ýylda guralmagy meýilleşdirilen hökümetara toparlaryň mejlisleriniň, Işewürler geňeşiniň, Sebitara forumyň we birnäçe medeni çäreleriň netijeli geçirilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Duşuşykda sebitleýin meseleler boýunça hem pikir alşyldy we ýokary derejedäki duşuşyklaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.
