Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Bu barada Gruziýanyň Hökümetiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi we türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermekde Günorta gaz geçiriji koridorynyň mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň aýratyn möhümdigi, bu ugurda zerur bolan ähli tagallalaryň edilmelidigi nygtaldy.
Şeýle-de Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Gruziýa çagyrdy diýlip, habarda bellenilýär.
