Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima çykyş edip, baýdak galdyrmak dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Şeýle hem Rabab Fatima X sosial media sahypasynda bu çäräni geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Ol: «Ajaýyp ýolbaşçylygy, üýtgewsiz ygrarlylygy we sahy myhmansöýerligi üçin Türkmenistan Hökümetine çuňňur minnetdarlyk bildirýärin» diýip belledi.
Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň diňe bir uly hormat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belledi.
BMG-niň wekili Rabab Fatima sosial ulgamyndaky ýazgylarynda maslahata gatnaşanlaryň hemmesiniň bilelikdäki tagallalarynyň möhümdigini belläp, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere, BMG kärdeşlerine we ähli hyzmatdaşlaryna ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.
