4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak wekiliýet agzalary we myhmanlar 30-nji iýuldan başlap, Türkmenbaşy Halkara howa menziline sargyt gatnawlary esasynda gelip başladylar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Ilkinji gatnawy Özbegistan öz howa gämisi arkaly amala aşyrdy. Şeýle hem, maslahata gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti geldi. Häzirki wagta çenli 3 sany sargyt gatnawy amala aşyryldy. Maslahat döwründe Türkmenbaşy Halkara howa menziline 30 sany sargyt gatnawynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Sargyt gatnawlaryndan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň yzygiderli gatnawlary arkaly foruma iki müňden gowrak myhmanyň gelmegine garaşylýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar.
