Russiýaly telegepleşik alypbaryjysy Leonid Ýakubowiç «Täsinlikler meýdany» kapital-şowhunynda gepleşik tä tomaşaçylara ýaramagyny we teleýaýlyma üstünlik getirmegini bes edýänçä işlemekçi. Ol bu barada «Aif.ru» neşiri bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýakubowiç hemme zadyň başlangyjynyň hem-de ahyrynyň bardygyny nygtady, şonuň üçin ol şowhundaky işine örän pelsepewi garaýar. Ol gepleşigi terk etmek barada hiç haçan yglan etmändigini sözüniň üstüne goşdy. Ol şeýle habarlaryň düýbünden ýalandygyny belledi.
