19 — 21-nji noýabrda Sankt-Peterburg şäherindäki GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan «Moda Arkalaşygy» IV halkara forumy geçiriler. Oňa GDA ýurtlarynyň ýeňil senagatynyň wekilleri we dizaýnerleri gatnaşar. Bu barada forumyň web sahypasynda habar berildi.
Işler alty tematiki topara bölüner: ykdysadyýet we maýa goýum, önümçilik, döredijilik pudaklary, medeni däp-dessurlar, bilim we işgärler, şeýle hem gözellik we saglyk.
Forumyň çäginde Tauride köşgüniň Ýekatrina zalynda iki sany moda sergisi geçiriler: 20-nji noýabrda rus dizaýnerleriniň kolleksiýalarynyň we 21-nji noýabrda GDA agza ýurtlaryň kolleksiýalarynyň sergisi.
Forumyň dowamynda Tauride köşgünde milli lybaslara bagyşlanan sergi açylar.
Geçen ýyl Türkmenistanyň wekilleriniň «Moda Arkalaşygy» III halkara foruma gatnaşandygyny ýatladýarys.
