Turkmenportal logo
28.07.25
2686726867
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Estoniýanyň X-Road platformasynyň esasynda döwlet edaralarynyň arasynda elektron maglumatlary alyşmak ulgamy işe girizildi. Bu ulgam bilen 10 ministrlik we edaralar, şeýle-de 12 döwlet elektron hyzmatlary özara birikdirildi.


Taslama Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky döwlet edaralarynyň arasynda elektron maglumatlary alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak baradaky ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar.


Taslamanyň çäklerinde Aragatnaşyk ministrliginden we gatnaşýan edaralardan 75 hünärmene X-Road platformasynyň ulanylyşy we howpsuzlygy, Cisco CCNA we CCNP tor tehnologiýalary, Linux, Java hem-de Python programmirleme dilleri boýunça okuw geçirildi. Hünärmenlere degişli şahadatnamalar gowşuryldy.


Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalyşyny ýönekeýleşdirmek, maglumatlara gije-gündiz elýeterliligi üpjün etmek hem-de ýurdumyzdaky elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem elektron resminama dolanyşygynyň giňelmegine, dolandyryş çykdajylarynyň azalmagyna we «Elektron hökümet» ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly goşant goşýar.