Gökdepäniň gön zawody ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gönüň önümçiligi boýunça öňdebaryjylaryň biridir.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, 2025-nji ýylyň geçen alty aýda bu ýerde 9 million 793 müň 413 manatlyk iş edildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 591 müň 822 manat köpdür. Şeýlelikde, bu babatda 106,43 göterim ösüş gazanyldy.
Bu ýerde dowardyr sygyrlaryň derileriniň ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenmegine we ekologiýa taýdan arassa gönüň taýýarlanmagyna şert döredilendir. Zawodda taýýarlanýan gön dürli torbalaryň, aýakgaplaryň, kemerleriň, gyşky lybaslaryň we beýlekileriň önümçiligine niýetlenendir.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde önüme — göne dürli reňkleri bermäge hem giň mümkinçilikler bar. Dürli görnüşdäki we ölçegdäki gön önümleriniň hyrydarlary barha artýar. Hususy pudagyň wekilleriniň buýurmalary hem wagtynda ýerine ýetirilýär.
