Türkmenistanyň tans topary ýekşenbe güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan Uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçide açylan 7-nji Hytaý Sinszýan halkara milli tans festiwalyna gatnaşýar.
«Sinhua» habarlar gullugynyň habaryna görä, festiwal 5-nji awgusta çenli dowam eder we 52 çykyş bolar. Çärä Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan, ABŞ, Italiýa we Kamboja ýaly ýurtlardan 24 tans topary, şeýle hem 16 hytaý topary gatnaşýar.
Festiwalyň maksatnamasy tans dramalaryny, operalary, balet we häzirki zaman tanslaryny öz içine alýar. Şeýle hem festiwalda Ýüpek ýoly temaly köçe tans şüweleňi, ýerli tans toparlarynyň çykyşlary, halkara tans karnawaly we adaty opera hepdeligi bolar.
Festiwal Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň maglumat bölümi we Sinszýan Uýgur awtonom sebitiniň halk hökümeti tarapyndan bilelikde guralýar. Bu çäre 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Geçenki alty festiwala 70-den gowrak ýurtdan we sebitden 138 topar gatnaşdy.
