Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty aşakdaky hünärler boýunça 2025-2026-njy okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllygynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär:
- Iňlis dili we edebiýaty mugallymy — 7 (daşary ýurt dilleri kafedrasyna)
- Nemes dili we edebiýaty mugallymy — 2 (roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
- Rus dili we edebiýaty mugallymy — 1 (daşary ýurt dilleri kafedrasyna)
- Informatika mugallymy —1
- Matematika mugallymy — 2
- Fizika mugallymy — 1
- Fizika-informatika mugallymy — 1 (zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
- Zähmet mugallymy — 2
- Himiýa mugallymy — 1
- Biologiýa mugallymy — 1
- Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy mugallymy- 1 (pedagogika kafedrasyna)
- Psihologiýa mugallymy — 2
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7-nji jaý.
Bäsleşige arzalary kabul etmegiň ahyrky möhleti: 2025-nji ýylyň 20-nji awgusty.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 21 – 23-nji awgust aralygynda.
Giňişleýin maglumaty institutyň saýtyndan alyp bilersiňiz.
