Turkmenportal logo
16.07.25
3932339323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara himiýa olimpiadasynda 3 medal gazandylar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 57-nji Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. 5 — 14-nji iýul aralygynda geçirilen olimpiadada Türkmenistana wekilçilik eden mekdep okuwçylarynyň üçüsi baýrakly orna düşmegi başardy.


Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän habara görä, türkmenistanly mekdep okuwçylary 2 sany kümüş we 1 sany bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Diýar Döwletow we Rüstem Jumaýew kümüş, Pälwan Ilmämmedow bolsa bürünç medal bilen sylaglanyldy.


Ýeri gelende bellesek, 57-nji Halkara himiýa olimpiadasyna dünýäniň 90 ýurdundan 350-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.