Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňdebaryjysy «Arkadag» futbol topary türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek maksady bilen, Bolgariýanyň Bansko şäherine geldi. Ýygnanyşyk 31-nji iýula çenli dowam eder. Bu döwürde toparyň birnäçe ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklaryň senesi we wagtlary barada goşmaça maglumat berler.
Häzirki wagtda «Arkadag» 42 utuk jemläp, ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär.
Tomusky transfer möwsüminde ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» toparynyň düzümine Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň üç futbolçysyny goşdy. Derwezeçi Seýran Aşyrow, ýarym goragçy Ibragim Amangeldiýew we hüjümçi Gurbanmuhammet Esenow topar bilen şertnama baglaşdy. Bu futbolçylar öň «Ahal» klubynyň düzüminde çykyş edipdiler.
2025-nji ýylyň güýzünde «Arkadag» AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar. Topar bu hukugy AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiji bolmak bilen gazandy. Klubyň toparçalaýyn tapgyrdaky garşydaşlary 15-nji awgustda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde belli bolar.
