Eýranyň milli futbol ýygyndysynyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» klubynyň hüjümçisi, asly türkmen bolan futbolçy Serdar Azmun Aşgabada sapar bilen geldi. Ol sosial ulgamlarda «Magtymguly Pyragy» seýilgäh toplumynda düşen suratlaryny paýlaşyp, olaryň aşagynda «Aşgabat, Türkmenistan» diýip, ýerini belläpdir.
Azmun 2024-nji ýylyň iýul aýynda «Şabab Al-Ahli» klubyna geçdi. Geçen möwsümde 30 ýaşly hüjümçi dürli ýaryşlarda jemi 39 duşuşyk geçirdi, şolaryň dowamynda 26 gol geçirip, 10 netijeli pas bermek bilen tapawutlandy. Ol topary bilen bilelikde BAE-niň çempiony, Superkubogy we Prezidentiň Kubogy ýaly derejelere mynasyp boldy. Şeýle-de BAE-niň Ligasynyň kubogy boýunça kümüş medala mynasyp boldy hem-de AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynda çärýek finala ýetdi.
Öňki ýyllarda Azmun Russiýanyň «Zenit», «Rostow», «Rubin», Germaniýanyň «Baýer» we Italiýanyň «Roma» klublarynda çykyş edipdi. Häzirki wagtda futbolçynyň transfer bahasy 8 million ýewro diýlip çak edilýär, «Zenit» klubynda oýnan iň ýokary derejesinde bolsa onuň bahasy 25 million ýewro ýetipdi.
Azmunyň Aşgabada amala aşyran öňki sapary 2024-nji ýylyň mart aýynda bolupdy. Şonda Türkmenistan bilen Eýranyň milli ýygyndylarynyň arasynda futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda myhmanlar 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.
Şol duşuşykdan soň Eýranyň toparynyň baş tälimçisi Amir Galenoýi metbugat ýygnagynda Azmunyň türkmen halkyna bolan aýratyn hormatyny belläp geçdi. Futbolçy özüniň türkmen köklerini birnäçe gezek nygtap çykyş etdi. Hususan-da, «Zenit» klubunda çykyş eden döwründe Russiýanyň Kubogynyň sylag gowşuryş dabarasynda gyzyl don we ak telpek geýip, türkmen milli lybasynda sahna çykypdy.
