12–22-nji iýul aralygynda Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinde geçiriljek «Ýüpek ýoly – 2025» halkara ralli-marafonynyň 15-nji ýyllyk ýubileý ýaryşyna Türkmenistandan üç ekipaž gatnaşar.
Ýaryş 12-nji iýulda Irkutsk şäherinden başlap, 22-nji iýulda Gorno-Altaýsk şäherinde tamamlanar. Takmynan 5 müň kilometre uzaýan ýaryşyň ugry Irkutsk oblastyndan, Burýatiýa Respublikasyndan, Altaý Respublikasyndan hem-de Mongoliýadan geçer. Bu ugur boýunça sürüjiler 11 tapgyrda güýçlerini synarlar, şolaryň arasynda umumy ugry 2,5 müň kilometre golaýlaýan ýörite ýaryş ýollary hem bar.
T2 islendik ýoldan ýöreýän tapgyrlaýyn ulaglaryň ýaryşynda Türkmenistandan çykyş edýän ekipažlar Nissan Patrol awtoulaglarynda gatnaşarlar. Bu toparlaryň düzüminde 2022-nji ýylyň ýeňijileri bolan doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler (start belgisi 214) bar. Şeýle hem ýaryşa Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow (215), Meýlis Abdyllaýew we Italmaz Çaryýew (216) çykarlar.
Ralli marafonyna jemi 15 ýurduň wekillerinden düzülen 100-e golaý ekipaž gatnaşar. Gatnaşyjylar ýük awtoulaglary, islendik ýoldan ýöreýän awtoulaglar, islendik ýoldan ýöreýän motoulaglar, motosikller we kwadrosikller boýunça toparlara bölünýärler.
Ýatladyp geçsek, «Ýüpek ýoly» rallisi ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilipdi we şol wagtky ýaryşyň ugry Russiýany, Gazagystany we Türkmenistany birleşdiripdi.
«2025-nji ýyl biziň taslamamyz üçin aýratyn ýyl bolup durýar: şu ýyl «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň on bäş ýyllyk çykyşy geçirilýär – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Wladimir Çagin belledi. – Ilkinji ýaryşdan başlap biz hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we özara hormat goýmagyň ýörelgelerine ygrarly bolduk. «Ýüpek ýoly» rallisi henizem sport baýramçylygynyň uly nyşany bolup durýar, ol türgenleri, guramaçylary we tomaşaçylary bir uly we jebis maşgala hökmünde birleşdirýär».
TÜRKMENPORTAL
