Parapauerlifting boýunça zehinli türgen Işkuwwat Çaryýew 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekilleriniň biri hökmünde çykyş etmäge dalaşgärleriň biridir.
Iýun aýynda ol Pekinde geçirilen parapauerlifting boýunça Dünýä kubogynda 185 kg agyrlygy galdyryp, öz 100 kg agram derejesinde kümüş medal gazandy. Bu üstünlik onuň Los-Anželesdäki Paralimpiýa ýaryşlaryna kwalifikasiýa gazanmagynda möhüm ädim bolup durýar, ýöne bu diňe başlangyjydyr. Onuň öňünde entek birnäçe saýlama ýaryşlar bar, ol bu ýaryşlarda hem baýrakly orunlara eýe bolmaly.

«Sport ýaryşynda ýeňiş duýgusy – söz bilen düşündirmesi kyn bolan aýratyn duýgudyr, – diýip, Işkuwwat belleýär. – Türkmenistanyň baýdagynyň galdyrylýan we Döwlet senasynyň ýaňlanýan pursady – Watan üçin buýsanç duýgusyny ýüregimiň çuňlugyna çenli duýýaryn. Meniň ýeňşim Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan önjeýli goşandymdyr!»
31 ýaşyndaky türgen häzirki wagtda halkara derejesindäki parapauerlifting boýunça sport ussady Sergeý Meladzeniň ýolbaşçylygynda ýene bir ýaryşa güýçli taýýarlyk görýär.
Onuň öňünde duran anyk maksat – 200 kg agyrlygy galdyrmak. Munuň üçin onuň takmynan üç aý wagty bar – oktýabrda Işkuwwat Müsüriň paýtagtynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etmeli. Mundan soňky tapgyrlarda bolsa 200 kg-dan köp agyrlygy galdyrmak, oňa 2026-njy ýylda Ýaponiýada geçiriljek Aziýanyň Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny berýän güýçli sekizlige girmäge mümkinçilik döreder.

Işkuwwat türgenleşiklerini Olimpiýa şäherçesinde geçirýär, ol ýerde munuň üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän rahat sport zaly, zerur enjamlar bilen üpjün edilendir. Mundan başga-da, oňa wagtal-wagtal lukmançylyk barlaglary we çäreler geçirilýär.

Ýetginjek döwründe Işkuwwat öz dostlary ýaly sport bilen meşgullanmak isleýärdi. Emma ene-atasy onuň aýagyndaky şikes sebäpli sportdan daşda durmagy üçin onuň pikirinden dändirmekçi bolýardylar: «Seniň aýagyň şikesli ahyryn, sport saňa agyr düşer!» - diýip ony sportdan ýüz öwürmäge yrmaklyga çalyşypdyrlar. Emma ol öz pikirinden dänmän, 14 ýaşynda Aşgabadyň 18-nji mekdebiniň aýratyn mümkinçilikleri bolan çagalar üçin sport bölüminiň türgenleşiklerine gatnaşyp başlapdyr. Ol ýerde birnäçe ýyllaryň dowamynda giňden tanalýan tälimçiler – doganlar Ýusup (häzir merhum) we Adyl Alyýewler ýolbaşçylyk edipdiler. Olar ilkinji sapar türgenleşige gelende onuň mümkinçiligini görüpdiler. Iki hepde türgenleşikden soňra Işkuwwat toparyň düzümine girizilýär we içerki ýaryşda 38 kg agram derejesi bilen 25 kg agyrlygy galdyryp, üçünji orny eýeläpdir. Bu ýaryşda bolsa türgenleriň aglaba bölegi 48 kg agyrlyk derejesinde bolupdyr. Şondan soň ýyllar geçýär, Işkuwwatyň üstünlikleriniň sany barha artýar. Emma ol özüniň iň möhüm ýeňşiniň entek öňdedigini bilýärdi!

«Maňa ýeňşe tarap itergi berýän güýç – kakamyň ýagty ýadygärligidir – diýip, Işkuwwat belleýär. – Birnäçe ýyl mundan ozal men kakamy ýitirdim, indi bolsa men ähli ýeňişlerimi onuň ýagty ýadygärligine bagyşlamak isleýärin».
Şol bir wagtda-da, Işkuwwat ýaş, ökde hünärmen we mähirli maşgalabaşy. Ol hususy kärhanada inžener bolup işleýär we ýolbaşçysy Geldi Myradowiç Esenowa minnetdarlyk bildirmek bilen, ähli duýgularyny hemişe onuň bilen paýlaşýar, çünki ýolbaşçy onuň sport bilen meşgullanmagyna doly düşünişýär we bu ugurda oňa elmydama goldaw berýär.
Işkuwwatyň Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Paralimpia oýunlarynyň baýrakly ýeňijisi bolmaga ähli mümkinçiligi bar. Emma üstünlige ýetmek üçin goşmaça serişdeler hem zerur bolup durýar: gymmat bahaly sport iýmitleri, yzygiderli lukmançylyk gözegçilikleri, şol sanda owkalama hyzmatlary we sportuň inçe taraplaryna dahylly bolan beýleki zatlar. Bu meseleler bolsa diňe hemaýatkärleriň kömegi bilen çözülip bilner.
Mysal üçin, onuň dünýä çempionatyna gatnaşmagyna «Ýüpekçi» Hojalyk jemgyýeti ýakyndan ýardam berdi, Işkuwwat bu goldawa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.

Täze maksatlaryna tarap bu ýaş türgeniň öňünde entek köp zähmet garaşýar, emma ol öz güýjüne we şeýle asylly maksada – Türkmenistanyň abraýyny dünýä sahnasynda belende galdyrmak üçin goldaw bermäge taýýar adamlara pugta ynanýar!
Işkuwwat – biz saňa diňe ýeňşi arzuw edýäris — ümzügiň diňe öňe bolsun!
