Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki iň meşhur seýilgähleriň biri bolan Atamyrat Nyýazow adyndaky seýilgäh abatlaýyş-gurluşyk işleriniň geçirilýändigi sebäpli wagtlaýyn ýapylar.
Abatlaýyş işleriniň esasy maksady seýilgähiň tutuş meýdanyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Onuň çäklerinde suw çüwdürimleriniň toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak we seýilgähiň ähli ýerindäki örtükleri çalyşmak göz öňünde tutulýar. Bu işler seýilgähi häzirki zaman görnüşe getirmäge we myhmanlaryň dynç almagyna has amatly şert döretmäge hyzmat eder.
Abatlaýyş işleri bilen baglylykda Mollanepes we Seýdi köçeleriniň käbir böleklerinde ulag hereketi wagtlaýyn çäklendirildi. Ulag sürüjilerine beýleki ugurdaş ugurlary saýlamak maslahat berilýär.
Seýilgähi abadanlaşdyrmak we täzeden gurmak işleri «Sport Ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Abatlaýyş işleriniň doly tamamlanjak takyk senesi ýakyn wagtda resmi taýdan yglan ediler.
