23 — 27-nji iýun aralygynda Moldowa Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Baş inspektoraty Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) tarapyndan bellenilen Türkmenistanyň resmi wekiliýetini kabul edýär. Bu barada Moldowa Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Baş inspektoratynyň metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň maksady raýat goranyşy we radiasiýa galyndylaryny dolandyrmak boýunça tejribe alyşmakdan hem-de öňdebaryjy usullary paýlaşmakdan ybaratdyr.
Iş duşuşyklarynyň dowamynda Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Baş inspektoratynyň hem-de Atom we radiasiýa işlerini düzgünleşdirmek boýunça Milli agentligiň wekilleri türkmen wekiliýetine Moldowa Respublikasynyň radiasiýa galyndylaryny dolandyrmak ulgamyny tanyşdyrýarlar.
Şeýle-de türkmen wekiliýeti radiasiýa we ýadro işi boýunça Moldowa Respublikasynyň hukuk binýadyny, şol sanda radiasiýa galyndylaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly kanunçylyk binýadyny öwrenýär.
Şonuň bilen birlikde, saparyň maksatnamasy jemgyýetçilik howpsuzlygyny we daşky gurşawy goramak üçin örän möhüm hasaplanýan öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek maksady bilen, radiasiýa galyndylaryny dolandyrmak desgalary bilen tanyşlygy hem öz içine alýar.
Öz gezeginde türkmen hünärmenleri hem moldowaly kärdeşlerine Türkmenistanyň radiasiýa galyndylaryny dolandyrmak boýunça milli ulgamy barada gürrüň berýärler.
Saparyň dowamynda halkara hyzmatdaşlyk, häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalar, şeýle hem radiasiýa galyndylaryny dolandyrmak we daşky gurşawy dikeltmek boýunça geljekki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu sapar Moldowa Respublikasynyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
