Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Rimdäki jiu-jitsu boýunça Mediterranean Open Grand Prix ýaryşynyň birinji gününde 13 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Söweş sungaty federasiýasy habar berýär.
Türkmen türgenleriniň hasabynda häzire çenli bäş altyn, dört kümüş we dört bürünç medal bar.
Rahmet Taganow (69 kg çenli), Baýram Röwşenow (56 kg çenli), Parahat Rahmanow (62 kg çenli), Begli Saparow (69 kg çenli) we Aýnur Kullyýewa (45 kg çenli) dagy ýaryşyň çempionlary boldular.
Baýram Röwşenow (62 kg çenli), Jelilmuhammet Hojamyradow (94 kg çenli), Rahmet Taganow (69 kg çenli) we Hurma Abdyýewa (48 kg çenli) kümüş medallary gazandylar.
Aýnur Kullyýewa (48 kg çenli), Baýram Röwşenow (56 kg çenli), Jelilmuhammet Hojamyradow (94 kg çenli) we Suraý Gökgaýewa (57 kg çenli) bürünç medalyň eýeleri boldular.
15-nji iýuna çenli dowam etjek ýaryşa dünýäniň 21 ýurdundan 760-dan gowrak türgen, şeýle hem Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) baýdagy astynda çykyş edýän türgenler gatnaşýarlar. Ýaryş dört ugur boýunça geçirilýär: jiu-jitsu, faýting, şou we duo. Oňa ýetginjeklerden başlap ussatlyga ýetişenlere çenli dürli ýaş derejeleri boýunça türgenler gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýaryşda 18 türgen wekilçilik edýär. Türkmenistanyň milli toparyny ýaryşa taýýarlamaga Kemal Meredowyň ýolbaşçylygynda tälimçiler Ylýas Işangulyýew bilen Rahat Gurbanow gatnaşdylar.
