Turkmenportal logo
13.05.25
1517815178
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jeki Çan kinoda howply hokgalary ýerine ýetirmegi haçan bes etjekdigini aýtdy
Surat: Parade

Hytaýly kinoaktýor Jeki Çan kinodaky töwekgelçilikli hereketleri özbaşdak ýerine ýetirmegini haçan bes etjekdigini gürrüň berdi diýip, «Deadline» neşiri habar berdi.


«Men ol hereketleri hemişe özüm ýerine ýetirýärin. Tä pensiýa çykýançam, bu işi dowam ederin, emma men hiç wagt pensiýa gitmesem gerek» diýip, 71 ýaşly Çan aýtdy.


Jeki Çan özüniň aktýorlyk ussatlygyna çemeleşişiniň ýeterlik howpludygyny tassyklaýar, onuň ýerine ýetirýän hokgalaryny kompýuter grafikasynyň üsti bilen hem döretse bolardy. Emma aktýor şeýle edilende, kinoşekilleriň ynandyryjy bolmaýandygyny nygtaýar.