Turkmenportal logo
23.04.25
5861658616
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa we Kazan ugurlary boýunça uçuşlara başlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji maýdan Aşgabatdan Moskwa we Kazan şäherlerine uçar gatnawlaryny täzeden başlar – diýip, kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy uçuşlaryny täzeden başlaýar» — diýlip, habarda aýdylýar.


Täzeden başlanýan uçuşlara uçar biletleriň satuwlary eýýäm başlandy. Biletleri awiakompaniýanyň kassalaryndan satyn alyp bolýar – diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy nygtaýar.