Turkmenportal logo
22.04.25
3060030600
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda halkara matematika olimpiadasyna gatnaşjak myhmanlar gyzgyn garşylanyldy

Aşgabatda 21-nji aprelden 26-njy aprele çenli mekdep okuwçylarynyň II halkara matematika olimpiadasy geçiriler.


Olimpiada gatnaşmak maksady bilen daşary ýurtlardan gelen myhmanlary Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri gyzgyn garşyladylar. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.



Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmegi üçin ýörite meýilnama işlenip düzüldi. Onda birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.


Halkara olimpiada daşary ýurtlaryň 14-sinden orta mekdeplere wekilçilik ed­ýän okuwçylaryň 170-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň we beýleki dostlukly ýurtlaryň umumybilim berýän okuw mekdeplerinde bilim alýan okuwçylardyr.



Bu gezekki halkara matematika olimpiadasyna gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýän çagalaryň hem bardygy habarda bellenilýär.