Turkmenportal logo
24.03.25
1373413734
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanwar aýynda Türkmenistanyň 26 müňden gowrak raýaty Özbegistana syýahat etdi
Surat: Ozbekistan.org

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onlukdan orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.


Hasabat döwründe 26,1 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu görkeziji boýunça altynjy orny eýeledi. Bu ugurda birinji orun Gyrgyzystana (211,2 müň), ikinji ýer Täjigistana (200,9 müň), üçünji orun Gazagystana (105,5 müň), dördünji ýer Russiýa Federasiýasyna (48,6 müň) degişli. Türkmenistanyň öňýanyndaky orny bolsa Owganystan (42,7 müň) eýeläpdir.


Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda jemi 678,7 müň daşary ýurtly jahankeşde Özbegistana syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30,5 göterim köpdür.