Turkmenportal logo
28.02.25
4517945179
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçar gatnawlaryny togtatmagyny martyň ahyryna çenli uzaltdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa amala aşyrylýan uçar gatnawlaryny togtatmagyny 31-nji marta çenli uzaltdy – diýip awiakompaniýanyň Russiýadaky baş wekiliniň metbugat gullugy habar berdi.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlarynyň 31-nji marta çenli ýatyrylandygyny habar berýär. Biletleriň mejbury yzyna gaýtarylmagyny resmileşdirmek üçin uçar biletiniň satyn alnan ýerine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris» — diýlip, habarda bellenýär.


Häzirki wagtda Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň göni uçar gatnawlary dowam edýär.