Turkmenportal logo
20.02.25
1894218942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstraliýada 150 sany deňiz jandary özüni kenara taşlady
Surat: grg.ru

Awstraliýanyň Tasmaniýa ştatynda 150-den gowrak kiçi kosatka balyklary özüni kenara taşlady. Bu ýagdaý soňky 50 ýylda ilkinji gezek boldy diýip, ýerli ABC teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.


Olaryň 90-a golaýynyň diridigini habar berilýär. Deňiz süýdemdirijilerini halas etmek üçin degişli gulluklaryň işgärleri göreşýärler. Olar deňiz jandarlaryny yzyna — deňze goýbermek üçin synanyşýarlar.Tasmaniýanyň Seýilgähler we ýabany tebigat gullugynyň wekili Brendon Klarkyň aýtmagyna görä, jandarlar açyk kenarda 24-den 48 sagada çenli ýaşap bilýärler.


Kosatkalaryň nämüçin kenara çykandyklarynyň sebäbi belli däl diýlip, habarda aýdylýar.