Turkmenportal logo
04.02.25
2062020620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.


Resminama Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, 19-20-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçiriler. Onda iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.