Turkmenportal logo
04.02.25
1779617796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anura Kumara Dissanaýakä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.