Turkmenportal logo
24.01.25
3148831488
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen telekeçileri Moskwada geçiriljek gurluşyk sergisine çagyrylýar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Moskwada 2025-nji ýylyň 11-14-nji mart aralygynda geçiriljek «RosBuild» gurluşyk sergisine türkmen kompaniýalaryny gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


Sergä 400-den gowrak kompaniýa, 19 000 bilermenleriň we hünärmenleriň we 4 000 gurluşyk kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy çaklanylýar


Bu türkmen kompaniýalaryna russiýaly hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyk gurmaga amatly mümkinçilik döreder.


Sergä gatnaşmaga isleg bildirenler bu serginiň saýtynda öňünden hasaba alynmalydyrlar.