Turkmenportal logo
17.01.25
1386413864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rosen Želýazkow Bolgariýanyň täze Hökümet başlygy wezipesine saýlandy
Surat: news.rambler.ru

Bolgariýanyň Mejlisi Rosen Želýazkowy ýurduň täze Hökümet başlygy wezipesine saýlady, onuň üçin GERB-SDS, «Bolgar sosialistik partiýasy – Birleşen çepçiler» bileleşiginden, «Şeýle halk bar» partiýasyndan hem-de «Demokratiýa, hukuk we azatlyk - DPS» bileleşiginden bolan deputatlaryň 125-si goldap ses berdiler.


Deputatlaryň 114-si garşy çykdy, saklananlar bolmady.


Bu barada «News.rambler.ru» ýazýar.