Turkmenportal logo
16.01.25
2879828798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Surat: gov.kz

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.


Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle-de BMG we beýleki halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.


Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri, şeýle-de şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli çäreleriň we sammitleriň meýilnamalary boýunça-da pikir alyşdylar.