Turkmenportal logo
13.01.25
5830258302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen 200-e golaý kärhana hereket edýär

Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki käranalaryň 200-e golaýy hereket edýär. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.


Agentligiň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen beýanatda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki käranalaryň 195 sanysynyň hereket edýändigi bellenilýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda 13-nji orny eýeledi.


Sanawyň birinji orny Hytaýa (3 müň 357 sany kärhana), ikinji orny Russiýa (2 müň 937 kärhana), üçünji orny bolsa Türkiýä (1 müň 827 kärhana) degişli.