Turkmenportal logo
31.12.24
5978259782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty aşakdaky hünärler boýunça 2024-2025-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.


  • Iňlis dili we edebiýaty mugallymy — 6 (daşary ýurt dilleri kafedrasyna)
  • Iňlis dili we edebiýaty mugallymy — 2 (roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
  • Nemes dili we edebiýaty mugallymy — 2 (roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
  • Rus dili we edebiýaty mugallymy — 1 (daşary ýurt dilleri kafedrasyna)
  • Rus dili we edebiýaty mugallymy — 1 (rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
  • Informatika mugallymy —1
  • Geografiýa mugallymy — 2
  • Hytaý dili we edebiýaty mugallymy — 2
  • Pars dili we edebiýaty mugallymy — 1
  • Pedagogika mugallymy — 1
  • Matematika mugallymy — 1 (başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasyna)

Instituta işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar:


Mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly.


Ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly.


Mugallymçylyk işinde 3 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolmaly.


Bäsleşige 45 ýaşa çenli ýaşdaky pedagogik işgärler gatnaşyp bilerler.


Tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:


Rektoryň adyna ýazylan arza; ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy; hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy; soňky iş ýerinden häsiýetnama; şahsy iş kagyzy; zähmet depderçäniň nusgasy; pasportyň nusgasy.


Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti: 04.01.2025ý. — 04 .02.2025ý.


Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 06.02.2025ý. — 08.02.2025ý.


Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7-nji jaýy.