Turkmenportal logo
03.12.24
2829028290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy diýen ada ilkinji gezek «Arkadag» toparynyň oýunçysy mynasyp boldy

«Arkadag» toparynyň ýarym goragçysy Şanazar Tirkişow Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň noýabr aýynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.


Noýabr aýynda 27 ýaşly futbolçy üç oýunda dört gol salmagy başardy. Tirkişow «Arkadag» toparyndan Türkmenistanyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçusy adyna mynasyp bolan ilkinji oýunçydyr.


Ozal şu baýraga «Altyn asyr» toparyndan Röwşengeldi Halmämmedow (awgust aýynyň iň gowy oýunçysy), Mihail Titow - «Altyn asyr» toparyndan (sentýabr aýynyň iň gowy oýunçysy) we «Ahal» toparyndan Elman Tagaýew (oktýabr aýynyň iň gowy oýunçysy) mynasyp bolupdylar.


Şanazar Tirkişowyň şu möwsümde «Arkadag» topary üçin garşydaşlarynyň derwezesinden 14 gol salandygy bellenmäge mynasypdyr. Ol Ýokary liganyň bombardirler sanawynyň bäşinji ornunda ýerleşýär. Birinji ýerde Didar


Durdyýew (30 gol) barýar, onuň yzyndan Altymyrat Annadurdyýew (24 gol), Begenç Akmämmedow (17 gol) we Elman Tagaýew (15 gol) degişli orunlary eýeleýärler.