Turkmenportal logo
31.10.24
2313423134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owerçuk: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy
Owerçuk: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy
Surat: ria.ru

Şu ýylyň ýedi aýynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk aýtdy.


Alekseý Owerçuk: «Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda oňyn dinamika eýe. Şu ýylyň 7 aýynyň netijelerine görä, söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58% ýokarlandy» diýip belledi.


Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň sözlerine görä, oňyn dinamikany saklamak üçin iki ýurduň degişli bölümleri Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasynda 2025 — 2027-nji ýyllar aralygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny taýýarladylar.


Ozal habar berşimiz ýaly, Alekseý Owerçuk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi.