Turkmenportal logo
06.09.24
1054110541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Karaçaý-Çerkessiýanyň uniwersitetinde Magtymguly adyndaky talyp haky döredildi

Karaçaý-Çerkessiýanyň A. U. Aliýew adyndaky döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haky döredildi – diýip, TASS agentligi bu uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.


Talyp hakynyň mukdary – 10 müň rubla barabar. Türkmeniň nusgawy şahyrynyň adyny göterýän talyp hakyna diňe iň gowy okaýan we jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýan talyplar mynasyp bolup bilerler.
«Biziň uniwersitetimizde Türkmenistandan gelen köp sanly talyp okaýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly talyplar üçin onuň adyny göterýän talyp hakyny döretmek kararyna gelindi» – diýip, Uzdenow belledi.


Ilkinji şahadatnamalar tebigat-geografiýa fakultetiniň magistri Altyn Bekmyradowa we filologiýa institutynyň aspiranty Ogulnar Töraýewa berildi.


Türki medeniýetiniň halkara guramasy 2024-nji ýyly — türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymgulynyň ýyly diýip yglan etdi. Magtymgulynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna hem girizildi.