Pariždäki meşhur Eýfel diňini guran inžener Gýustaw Eýfeliň nesilleri paýtagtyň häkimi Ann Idalgonyň diňde Olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda ýerleşdirilen halkalary saklap galdyrmak baradaky çözgüdine garşy çykdylar.
«Eýfel diňi Parižiň we Fransiýanyň nyşanydyr, ol Olimpiýa oýunlary ýaly wakalary hemişe ýatladyp durýan nyşan bolmakdan has giň mazmuna eýedir» diýip, Gýustaw Eýfeliň nesilleri «BFMTV» teleýaýlymynda söhbetdeşlikde aýtdylar.