Turkmenportal logo
20.08.24
82298229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwa konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň mirasy barada umumy sapak geçiriler

21-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda geçiriljek Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsertiň öňýanynda «Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman aýdym-saz sungaty» atly umumy sapak geçiriler. Bu barada asmannews.ru ýazýar.



Umumy sapagy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz taryhy bölüminiň uly mugallymy Leýla Babaýewa geçer.


Umumy sapagyň esasy maksady beýik şahyryň dünýä medeniýetine, şol sanda aýdym-saz sungatyna goşan goşandyny beýan etmekden ybarat bolar.


Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreleriň Moskwanyň «Dostlary ýygnamak» atly XVIII festiwalynyň çäginde boljakdygyny ýatladýarys.