Turkmenportal logo
09.08.24
1427614276
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Crocs» brendiniň ilkinji resmi dükany açyldy

Türkmen paýtagtynda belli «Crocs» aýakgap brendiniň ilkinji resmi dükanynyň açylyşy boldy.


Dükanyň haryt görnüşleri oňaýly aýakgaplary halaýanlary begendirse gerek. Bu ýerde çagalar, erkekler hem-de zenanlar üçin aýakgap nusgalarynyň giň saýlawy ýetirilýär. Aýakgaplaryň ölçegleriniň 21-den başlap, 46-njy ölçege çenli bolmagy köp sanly müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar.



«Crocs» aýakgaplary barada aýdylanda, olar diňe bir aýaga oňaýlylygy bilenem däl-de, eýsem adaty bolmadyk göwrümleri we nusgalary bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, brende öz gezeginde aýratyn meşhurlygy «jibitsler» — aýakgaplarda ulanylýan aýryp-dakylýan bezeglik element getirdi diýsek hem ýalňyş bolmasa gerek. Bu aksessuar täze dükanyň assortimentinde hem satyn almak üçin elýeterlidir.


«Ýagty reňkler, adaty bolmadyk göwrümler hem-de, elbetde, meşhur «jibitsler» — bularyň ählisi täze, gaýtalanmajak stili döretmäge ýardam edýär. Öz özboluşly dizaýnyňy döret-de, moda nähili döredijilikli çemeleşýäniňi görkez» diýip, «Crocs» dükanynyň wekili belleýär.


«Crocs» dükany «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda, #В71 seksiýasynda (aýlawda) ýerleşýär.


Goşmaça gyzyklandyrýan maglumatlary almak üçim alyjylar şu telefon belgisine jaň edip habarlaşyp bilerler: (+993 65) 80 65 51. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.