Turkmenportal logo
23.07.24
1971019710
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Şu gün Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň gün tertibine 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer diýlip, habarda aýdylýar.